Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Сөйгүлим маңа шейле дийди: «Тур, дилдарым, гөзелим тур, йөр биле гидели.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 2:10
18 Iomraidhean Croise  

Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,


Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.


Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.


Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!


Gyş ötdi, ýagyş-da diňdi.


Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli».


Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.


Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».


Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan