1 Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin.
1 Мен Шароның бәгүли, дерелериң чигилдемидирин.
Gatlar Gilgatdaky we Başandaky galalarynda hem-de Şaronyň öri meýdanlarynda ýaşadylar.
Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi.
Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
Atyr saçýan gülhana deý ýaňaklary, mür damdyrýan bägüle ogşaýandyr dodaklary.
Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.
Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.
Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
«Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.