9 Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!
9 Шелпели яңакларың, хүнҗүли бойнуң не гөзел!
Söweş arabalary we olaryň üstündäki esgerler-de Ýusup bilen gitdi. Bu ägirt uly mähelledi.
Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.
Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.
Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli».
Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.
Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».
Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.
Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.