Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Faraonyň söweş arabasyna goşulan baýtala meňzedýän seni, eý, meniň magşugym!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Фараоның сөвеш арабасына гошулан байтала меңзедйән сени, эй, мениң магшугым!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 1:8
25 Iomraidhean Croise  

Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.


Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».


Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!


Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.


Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.


Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.


Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!


Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.


Ýaryň beýlekilerden nämesi artyk, eý, gözeller gözeli? bize ant içeriň ýaly, ýaryňyň beýlekilerden nämesi artyk?


Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen.


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi.


Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.


Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Ýaltalyga ýüz urmaň, gaýtam, iman hem sabyr-takat arkaly Hudaýyň wadalaryna gowşanlaryň göreldesine eýeriň.


Atamyz Ybraýym gurbanlyk sypasynda öz ogly Yshagy hödürlemek bilen aklanmadymy eýsem?


Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.


Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň.


Mysal üçin, Sara Ybraýyma tabyn bolup, ony hojaýynym diýip atlandyrdy. Eger siz hem ýagşylyk edip, hiç bir howpdan gorkmasaňyz, Saranyň gyzlary bolarsyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan