Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Eý, köňlümiň aşygy, aýtsana maňa, nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Эй, көңлүмиң ашыгы, айтсана маңа, ниреде бакяң сүриңи? Гүнорта чагы олара ниреде дынч берйәң? Ёлдашларыңың сүрүлериниң янында нәме үчин сергездан зенан дек болайын?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 1:6
15 Iomraidhean Croise  

Hamym garalyp soýulýar, süýeklerim gyzdyrmadan ýanýar.


Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.


Biçäre halkymyň ýarasyndan ötri men-de ýaraly, ýas tutýaryn, üstüme howp abandy.


Indi ýüzleri kömürden gara, köçelerde tanalmaýarlar. Derileri süňklerine ýapyşyp, gury agaja döndüler.


Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Ten boýunça doglan ogul Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly doglan ogly yzarlap, oňa azar beripdi. Häzir hem şeýledir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan