Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Мени өзүң билен алай, ховлугалы. Шазадам мени ички отагына гетирди. Сениң үчин шатланалы ве гуваналы; шерапданам зыяда тарыплалы сениң ышкыңы. Сен оларың сөйгүсине мынасып!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 1:3
26 Iomraidhean Croise  

Mukaddes öýe tarap elleriňizi galdyryp, Rebbi alkyşlaň.


Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.


Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.


Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.


Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr.


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!


Atyr saçýan gülhana deý ýaňaklary, mür damdyrýan bägüle ogşaýandyr dodaklary.


Turdum ýaryma gapy açmaga, ellerimden damdy mür, barmaklarymdan akdy mür gulpuň tutawajyna.


Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy, gyzlar-da san-sajaksyzdyr.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


«Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar.


Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan