Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Nagmalar 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Гөр, нәхили сыратлы сен, эй, мениң сөйгүли ярым, ненеңси хошрой сен! Гөк майсалыкдыр ятян еримиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Nagmalar 1:15
17 Iomraidhean Croise  

Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.


Faraonyň söweş arabasyna goşulan baýtala meňzedýän seni, eý, meniň magşugym!


Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!


Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.


Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli».


Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.


Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!


Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.


Onuň gözleri bulak başynda süýde ýuwnup oturan gögerçin ýaly; olar oturdylan gymmatbaha daşlary ýaly.


Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».


Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?


Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.


Başyň Karmel dagy deý dik bolup, zülpleriň benewşedir, şa olara bendi boldy.


Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý, eý, mylakatly dildarym!


Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan