Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär.
Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy.
Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy.
Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.