Düýeler suwdan gananlaryndan soň, Ybraýymyň hyzmatkäri agyrlygy bir mysgaldan gowrak bolan tylla burun halkasyny we her taýy on mysgal bolan goşa tylla bilezigi gyza berdi.
Men ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn“ diýip jogap berdi. Men oňa burun halkasy bilen bilezik berdim.
Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
Biz öz tapan altyn şaý-seplerimizi: uly we kiçi bilezikleri, möhürli ýüzükleri, gulakhalkalary we asyklary öz günälerimizden saplanmak üçin, Rebbiň huzuryna sadaka getirdik».