Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, men Onuň hakykatyny görerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Мениң тарапымы чалып, хөкүм эдип, тә алып берйәнчә хакым, чекмелидирин Онуң гахар-газабын. Чүнки мен Реббе гаршы гүнә этдим. Ол мени ягтылыга чыкарар, мен Онуң хакыкатыны гөрерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 7:9
36 Iomraidhean Croise  

Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.


Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.


Hudaýy görmeýärin diýseň-de, dawaň Onuň öňündedir, Oňa garaş.


Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.


onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Taňry Rebbiňiz, Öz halkyny goraýan Hudaýyňyz şeýle diýýär: «Ine, Men serhoş edýän käsäni eliňden aldym, Meniň gazap käsämden mundan beýläk içmersiň.


Reb şeýle diýýär: «Adalaty saklaň, dogry işleri ediň, ine, Men tizara azat etmäge gelerin, halas edişimi aýan ederin.


Çekýän hasratymdan ýaňa dat günüme! Ýaram agyr, emma men: «Dogrudanam, bu meniň derdim, muny çekmegim gerek» diýdim.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Reb bizi aklady, geliň, Hudaýymyz Rebbiň işini Sionda yglan edeliň.


Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Ysraýyl patyşasy kimiň garşysyna çykdy? Sen kimi yzarlap ýörsüň? Haýsydyr bir itiň maslygynymy ýa bir büränimi?


Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.


Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan