Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 7:8 - Mukaddes Kitap

8 Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эй, душманым, хешелле какма халыма, йыкылсам-да, галарын. Гараңкылыкда отурсам-да, Реб маңа нур болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 7:8
46 Iomraidhean Croise  

Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip, başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.


Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.


Ýa Reb, ynsan kimmişin, Sen onuň aladasyny ederiň ýaly? Ynsan ogly kimmişin, Sen onuň pikirini ederiň ýaly?


Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.


Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.


Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr, çünki ýagşylyga eýerýärin men.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Beýik bir nur gördi, tümlükde gezýän halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.


Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz?


Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz.


Sen olara Reb şeýle diýýär diý: «Ýykylan ynsan galmazmy gaýdyp? Ýolundan azaşanlar gelmezmi ýola?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Doganyň – Ýahudanyň nesliniň betbagt gününde gülmeli däldiň. Olara bela inen gününde, sen heşelle kakmaly däldiň. Olaryň hasrat gününde magtanmaly däldiň.


Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi, tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».


Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.


Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris.


Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan