Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 7:7 - Mukaddes Kitap

7 Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Эмма мен гөзлерими Реббе дикерин, Халасгәр Худайыма бил багларын. Маңа гулак асар Худайым.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 7:7
33 Iomraidhean Croise  

Halas etmegiňe garaşýandyryn men, ýa Reb!


Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadyk derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen».


Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaryn men.


Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.


Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Şol gün halk nazaryny Ýaradana diker, gözleri Ysraýylyň Mukaddesini görer.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn».


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Sadyk söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.


Ýa Reb, Saňa dat-perýat edýän, çünki ýaýlalary ot ýalmap ýuwutdy, meýdan agaçlarynyň baryny ýalyn köýdürdi.


Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, diňiň üstüne çykaryn. Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan