Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Пис ише түргендир эллери, хөкүмдарлар, казылар пара сораярлар, гүйчлүлер арзувына зор билен амал эдйәрлер. Адалаты ёйярлар шейдип.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 7:3
26 Iomraidhean Croise  

Gözüni gyrpýan egri işleri niýet edýär, dodagyny çöwürýän bolsa ýamanlyk döredýär.


Adalat ýodalaryny ýoýmak üçin, erbet adam gizlin para alýandyr.


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.


Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler.


para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe!


Sen ömürlik gaharlanjakmy? Öýke-kinäňi baky saklajakmy?“ diýip aýtdyň. Ine, sen şu zatlary aýtsaň-da, edip bilen ýamanlyklaryňy etdiň».


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär.


Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Olaryň serhoş oturylyşygy tamamlanandan soň, zyna işe geçýärler. Olaryň serdarlary masgaraçylygy söýýär.


Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.


Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.


Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz.


Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan