Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ер йүзүнде вепадар галмады, ынсанларың арасында догручылы ёк. Ган дөкмек үчин букуда ятяр бары, доган догана дузак гуряр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 7:2
29 Iomraidhean Croise  

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?


Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly, sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.


Erbetleriň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder.


Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.


Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünmeýär, dogrular betbagtçylykdan gutarylýar.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar.


Olaryň sagdagy açyk gabyr ýalydyr, barysy batyr söweşijilerdir.


«Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar. Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly duzak gurup, ynsanlary tutýarlar.


Men üns berip diňledim, dogrusyny aýtmaýar olar. Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip, öz pisligine toba etmeýär. Söweşde çapýan at kimin hersi öz ýoluna ýortýar.


Yzymyzy yzarladylar, köçelerimizde gezip bilmedik; ahyrymyz golaý, günlerimiz gutardy, çünki soňumyz ýetip gelipdi.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorlyk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.


Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.


Siony gan bilen, Iýerusalimi adalatsyzlyk bilen bina edýänler!


Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz.


Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».


Ol ýerdäki ýahudylar hem aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklamak bilen bu aýyplamalara goşuldylar.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


Şoňa görä, goý, meniň ganym Rebbiň huzuryndan uzakdaky topraga dökülmesin. Eý, Ysraýylyň patyşasy, näme üçin sen meni aňtap ýörsüň? Men bir büre ahyryn!»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan