Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Дат гүнүме мениң! Чүнки мен томус мивесиниң, үзүмиң галан-гачанының йыгналышы киминдирин; екеҗе салкым ёк иер ялы; инҗириң илки мивесини күйсейәр гөвнүм!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 7:1
14 Iomraidhean Croise  

Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.


Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?


Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.


Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.


Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.


Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


«Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».


Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy.


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Sen: „Dat günüme! Çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdüm, rahatlyk tapmaýaryn“ diýdiň».


«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirilenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan