Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Җадыгөйлериңизи гырарын, араңызда палчы галдырмарын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 5:12
14 Iomraidhean Croise  

Butlar bütinleý ýok ediler.


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!»


Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Siziň kowup çykarjak bu halklaryňyz müneçjimlere we palçylara gulak asýarlar. Hudaýyňyz Reb bolsa, size beýle etmäge rugsat bermeýär.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan