Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Инди нәме үчин мөңңүрип аглаяң? Догурян аял ялы нәмә ах чекйәң? Патышаң ёклугы үчинми? Геңешдарың хеләк боланы үчинми?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 4:9
20 Iomraidhean Croise  

Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Dogurmak pursady ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň öňüňde şeýle bolduk.


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Haçana çenli men söweş tuguny görüp, surnaý sesini eşitmelikäm?


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.


Olar aýdarlar: «Bizde patyşa ýok, Rebden gorkmaýarys. Patyşa bolsa-da, bize näme edip bilerdi?»


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.


Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.


Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan