Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эй, сүриниң гөзегчи диңи болан Сион гызының галасы! Гайтарылып берлер хөкүмдарлыгың, Иерусалим гызының патышалыгы дикелдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 4:8
23 Iomraidhean Croise  

Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi.


Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.


Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler.


Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.


Sada halk we begzadalar, baý we pukara – baryňyz diňläň.


Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.


Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.


Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler».


Bu gün duşmanlar Nopda galarlar, Sion gyzynyň dagyna, Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.


Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler».


Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Sion dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».


«Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».


Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, galada diri galanlaryň baryny gyrar».


«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär.


Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.


Hudaý Mesihi ähli hökümdarlykdan, ygtyýarlykdan, güýç-gudratdan we agalykdan, şeýle hem diňe bu döwürde däl, eýsem geljek döwürde-de tutuljak her bir atdan has ýokary goýdy.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan