Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 4:5 - Mukaddes Kitap

5 Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Бүтин халклар өз худайларының ызына эерерлер, эмма биз өмүрлик Худайымыз Реббиң ызына эерерис.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 4:5
19 Iomraidhean Croise  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Emma muňa garamazdan, her millet öz hudaýlaryny ýasap, olaryň hersi öz ýaşaýan galalarynda samariýalylaryň diken seždegählerinde goýdy.


Olar şu güne çenli hem özleriniň ozalky adatlaryna eýerip, Rebbe sežde etmeýärler. Rebbiň Ysraýyl diýip atlandyran Ýakubyň nesillerine beren tabşyryklaryny, kanunyny, hökümlerini we parzlaryny berjaý etmeýärler.


Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.


Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela


Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.


Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!


Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.


Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.


Ýagşylyk etmekden ýüz döndermejekdigime olar bilen ebedi äht baglaşaryn. Menden hiç ýüz öwrüp gitmezlikleri üçin, ýüreklerine Menden gorkmagy salaryn.


Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr.


Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi.


Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.


Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan