Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Хер кес өз үзүм, инҗир багларының саясында отурар, олары хич ким горкузмаз, чүнки Хөкмүрован Реббиң Өзи айтды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 4:4
25 Iomraidhean Croise  

Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady.


Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin.


Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.


Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.


Duýdansyz gelýän howpdan, erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz.


Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.


Hizkiýa gulak asmaň! Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Dogrulykda berkarar edilersiň, sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň; howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.


şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz, Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn; ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin. Muny Reb aýdýandyr.


Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.


Olar mundan bu ýana milletleriň talaňyna duçar bolmazlar we ýyrtyjy haýwanlar olary iýmez. Olar howpsuz ýaşarlar, olary gorkuzan bolmaz.


Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.


Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar.


Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.


Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.


Ysraýylyň aman galanlary, nähaklyk etmezler, ýalan sözlemezler, agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, olary hiç kim gorkuzyp bilmez».


Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr“».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan