Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb halklar arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Реб халклар арасында казылык эдер, көп миллетлериң даваларыны чөзер; олар гылычларындан азал, найзаларындан орак ясарлар. Миллет миллете гаршы гылыч галдырмаз, сөвешмеги өвренмезлер инди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 4:3
40 Iomraidhean Croise  

Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.


Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.


Gebal, Ammon hem-de Amalek, Pilişt hem-de Suruň ilaty,


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.


Şonuň üçin güýçli halklar şöhratlandyrar Seni; ýowuz milletleriň şäherleri Senden gorkarlar.


Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.


Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».


Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.


Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Soňra men açylan gögi we ol ýerde duran bir ak aty gördüm. Aty münüp oturan Sadyk we Hakykat diýip atlandyrylýardy. Ol adyl höküm çykarýandyr we adalatly söweşýändir.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan