Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň, ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Көп миллетлер гелип, шейле диерлер: «Гелиң, Реббиң дагына, Якубың Худайының өйүне чыкалың, ёдаларындан йөрәр ялы, Ол бизе Өз ёлларыны өвредер». Чүнки канун Сиондан, Реббиң сөзи Иерусалимден чыкар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 4:2
35 Iomraidhean Croise  

Beýikdir Rebbiň işleri, olary agtarýar bar muşdaklary.


Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.


Eý, göklerdäki tagtda Oturan, gözlerimi Saňa bakan galdyrýaryn.


Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.


Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».


Nirä gitmelidigimizi, näme iş etmelidigimizi, goý, Hudaýyň Reb bize görkezsin».


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Iýerusalimiň üstüne çozan milletlerden aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Pawlus bilen Barnap ýahudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, halk indiki Sabat güni-de bu zatlar dogrusynda gürrüň bermeklerini olardan haýyş etdi.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan