Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Мен болса Якуба языгыны, Ысрайыла гүнәсини җар этмәге, Реббиң Рухы билен гүйчден, адалатдан, гудратдан долудырын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 3:8
28 Iomraidhean Croise  

Çünki men sözden doly, içimdäki ruh meni gyssaýar.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


«Eý, ynsan ogly! Iýerusalime öz nejis işlerini bildir.


Olary höküm et, eý, ynsan ogly, olary höküm et! Olara ata-babalarynyň nejis işlerini aýdyp ber“».


«Bu ganhor şäheri höküm et, eý, ynsan ogly, ony höküm et! Onsoň oňa özüniň eden nejis işlerini aýdyp ber.


Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Sen Ohola we Oholybanyň üstünden höküm çykar! Olara nejis işlerini bildir.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Sen, eý, ynsan ogly, ysraýyl halkyny bu öýden habarly et, goý, onuň nusgasyny ölçesinler we etmişlerinden ýaňa utansynlar.


sebäbi Isa olara Töwrat mugallymlary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly öwredýärdi.


Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar),


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan