Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 3:6 - Mukaddes Kitap

6 «Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar, sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz. Pygamberleriň üstünden gün ýaşar, gündiz gijä öwrüler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 «Мунуң үчин гиҗәңиз гөрнүшсиз болар, сизи түмлүк гаплар, палчылык эдип билмерсиңиз. Пыгамберлериң үстүнден гүн яшар, гүндиз гиҗә өврүлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 3:6
14 Iomraidhean Croise  

Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.


Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.


Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.


Ýedi çagaly aýal demi-demine ýetmän jan berdi. Onuň güneşi gündiziň güni ýaşdy, ol utanja galyp, masgara boldy. Galanlaryny bolsa duşmanlarynyň öňünde gylyja tabşyraryn». Muny Reb aýdýandyr.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler, erbet habar üstüne erbet habar çykar. Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler; ruhany kanun öwretmez, ýaşuly öwüt bermez.


Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: «Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar.


Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan