Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Халкымы азашдырып, өзлерини доюрянлара асудалык диләп, доюрмаянлара-да уруш ыглан эдйән пыгамберлер хакында Реб шейле диййәр:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 3:5
25 Iomraidhean Croise  

Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.


Çagalary halkyma sütem edýärler, aýallary üstlerinden höküm sürýärler. Eý, halkym, baştutanlaryňyz sizi azaşdyrýarlar, ýörejek ýodalaryňyzy bulaşdyrýarlar.


Bagal sebäpli ata-babalar Meniň adymy unutdylar. Indi bu pygamberler hem biri-birine gürrüň berýän düýşleri arkaly halkyma Meniň adymy unutdyrjak bolýarlar.


Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Iýerusalime garşy söweşmäge taýýarlanyň. Turuň, gündiziň güni çozalyň! Işimiz gaýtdy! Gün ýaşyp barýar, öýlän kölegeler uzalýar!


Sen hakda pygamberleriň galp, manysyz görnüşler gördüler. Öňki kaddyňa dikeltmek üçin etmişiňi ýüzüňe basmadylar. Gaýtam, seni ýoldan çykarýan ýalan görnüşler gördüler.


Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz.


Sen gündizlikde, pygamber bolsa gijelikde seniň bilen büdrär. Seniň ejeň Ysraýyly ýok ederin.


Muny halklar arasynda jar ediň: «Söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan