Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Соңра олар Реббе дады-перят эдерлер. Эмма Реб олара җогап бермез. Ол йүзүни олардан гизләр, чүнки олар пис ишлери этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 3:4
26 Iomraidhean Croise  

Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi?


Elbetde, Hudaý boş nalyşy diňlemeýär, Gudratygüýçli oňa ähmiýet bermeýär.


meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.


Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


„Esgerler babyllylar bilen söweşmäge çykarlar, emma olar öýleri gahar-gazabymda heläk eden ynsanlarymyň jesetlerinden doldurarlar. Şol ynsanlaryň eden ähli erbetlikleri üçin, Men bu şäherden ýüzümi gizledim.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».


Görgürler masgara ediler, palçylar utanja galar. Hudaýdan jogap bolmany üçin, olar uýatdan ýüzlerini örterler».


Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli, weýran bolar ýer ýüzi.


Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şol gün köpler Maňa: „Ýa Reb, ýa Reb, biz Seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi? Seniň adyň bilen arwah-jynlary kowup, köp gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler.


Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.


Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan