Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Халкымың хамыны союп, этини иййәрсиңиз, сүеклерини дөвүм-дөвүм эдип, газана, таба атылҗак эт кимин дограярсыңыз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 3:3
11 Iomraidhean Croise  

onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;


Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit.


Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.


Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.


Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“ diýýärler.


Et böleklerini, ýagny but we döşüň oňat böleklerini onuň içine at. Ony saýlama omaçalardan doldur.


Eşidiň muny, mätäçleri depgiläp ezýänler, ýurduň garyplaryny heläk edýänler!


Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan