Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Эй, Якубың несли, хей: «Реббиң сабыр кәсеси долдумы? Ол бейле ишлери эдерми?» диймелими сиз? Мениң сөзлерим догручылың хайрына дәлми нәме?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 2:7
31 Iomraidhean Croise  

Rebbe diýdim: «Sen meniň Taňrym, maňa Senden özge hiç eşret ýokdur».


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Rebbiň ýoly dogrulara penadyr, şerlere bolsa gorky-beladyr.


Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.


Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.


Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.


Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!


Rebbiň sözüne gulak asyň, eý, Ýakup nesli, Ysraýylyň ähli kowumlary!


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň.


Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz.


Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.


Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz.


Olar hudaýhonsyrasalar-da, Hudaýyň güýjüni inkär edýändirler. Beýle adamlardan arany aç.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan