Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Адамлар: «Вагыз этме» дийип, маңа вагыз эдйәрлер, «Бейле затлар хакда вагыз этме, биз утанҗа галмарыс» диййәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 2:6
21 Iomraidhean Croise  

Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.


Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Teýmana öwür-de, Daroma wagyz et, Negep tokaýyna garşy pygamberlik et.


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Iýerusalime tarap öwür-de, mukaddes ýerlere garşy wagyz et, Ysraýyl ýurdy barada pygamberlik edip,


Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň.


«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.


Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr».


Indi bolsa Rebbiň sözüne gulak goý. Sen maňa: „Ysraýylyň garşysyna pygamberlik etme, Yshagyň kowumyna garşy wagyz etme“ diýýärsiň.


«Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar, sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz. Pygamberleriň üstünden gün ýaşar, gündiz gijä öwrüler.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Emma bu habar halk arasynda has-da köp ýaýramaz ýaly öňüni alalyň we mundan beýläk Isanyň ady bilen hiç kime hiç zat aýtmazlyklary üçin, olara duýduryş bereliň».


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan