Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn, ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz. Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz, çünki bu pis zamana bolar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Шонуң үчин Реб шейле диййәр: «Мен бу халка гаршы бела тайынлаярын, ондан боюн гачырып билмерсиңиз. Башыңызы дик тутуп гезмерсиңиз, чүнки бу пис замана болар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 2:3
29 Iomraidhean Croise  

Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.


Reb şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.


Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.


Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi.


Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.


Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Reb Öz niýetini amala aşyrdy, owaldan belleýşi ýaly, Öz sözlerini berjaý etdi. Seni rehimsizlik bilen heläk etdi, şat etdi halyňa duşmanyňy, ýagylaryňa kuwwat berdi.


Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar, tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.


Ýüwrük adam gaçyp bilmez, güýçli güýç görkezip bilmez, batyr-da janyny halas edip bilmez.


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Olar meniň üçin öz janlaryny howp astyna saldylar; olara diňe men däl, başga milletlerden bolan ýygnaklar hem minnetdardyrlar.


Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir.


Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan