Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Дүшегинде пислик ойлаянларың, ниетини ямана дүвйәнлериң, дат гүнүне! Даң атанда ниетлерини амала ашырярлар, чүнки оларың муңа гүйҗи етйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 2:1
40 Iomraidhean Croise  

Saňa ýamanlyk etmäge meniň güýjüm ýetýär. Emma seniň ataňyň Hudaýy öten agşam maňa: „Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme“ diýip tabşyrdy.


Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».


Soňra Haman Kserks patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.


Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudylara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy.


Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, içleri hem hileden doludyr».


Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, ganhor alagaraňkylykda oýanýar, gijesine bolsa ogurlyk edýär.


Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.


Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.


Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.


Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy? Ýagşylygy pikir edýänler sadyk söýgi gazanmaýarlarmy?


Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.


Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler; birini büdretmese, gözi bürülmez.


Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.


Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.


Hilegäriň ýaragy ýamandyr, pukara dogry sözleýän hem bolsa, olar ýalan sözleri bilen ony heläk etjek bolup, niýetlerini ýamana dikýändirler.


Öý üstüne öý, ýer üstüne ýer edinýänleriň dat gününe! Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz, ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Reb maňa: «Eý, ynsan ogly! Päliýamanlar, şäherde erbet öwütler berýänler şu adamlardyr.


Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haramlaýar. Şundan soň siz ýurdy miras alarsyňyzmy?»


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir».


Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.


Rebbe garşy ýamanlyk guraýan, pisligi maslahat berýän sizden çykdy, eý, nineweliler!


dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.


Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.


Şeýlelikde, siz ýokary mejlis bilen bilelikde müňbaşydan Pawlusy yzyna getirmegi haýyş ediň. Ol hakdaky maglumatlary doly öwrenmek isleýäris diýen boluň. Pawlus bu ýere gelip ýetmänkä, biz ony ýolda öldürmäge taýyn» diýdiler.


töhmetçi, tekepbir, öwünjeň bolup, Hudaýy ýigrenýärler, ýamanlyk etmegiň her tüýsli ýollaryny tapýarlar, ata-enelerine gulak asmaýarlar.


Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan