Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Samariýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Самарияның ярасына эм ёк. Ол Яхуда гелип етди. Халкымың дервезесине, Иерусалиме барып етди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 1:9
15 Iomraidhean Croise  

Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.


Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy.


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Eý, biçäre Müsür halky, Gilgada git-de, melhem al! Dermany köp içmegiň puçdur; seniň derdiňe şypa ýokdur.


Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.


Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.


Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan