Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Мунуң үчин мен аглап, дады-перят эдерин. Эшиксиз ве аякялаңач гезерин. Шагаллар кимин увларын. Дүегушлар кимин гөзяш дөкерин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 1:8
19 Iomraidhean Croise  

Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy.


Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.


Şagallara gardaş, düýeguşlara ýoldaş boldum.


Reb ezilenleriň ählisi üçin berjaý edýär hak-adalaty.


Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde, baýguşdan dolar öýleri, düýeguşlar mesgen tutar, geçiler bökjeklärler ol ýerde.


Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz.


Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


«Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan