Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 1:7 - Mukaddes Kitap

7 «Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary loly gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de loly gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 «Әхли бутлары бөлек-бөлек эдилер, харам газанчларының бары ода якылар, бутларының барыны ёк эдерин, чүнки булары лолы газанҗы билен топлады. Олар ене-де лолы газанҗына өврүлер» диййәр Реб.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 1:7
22 Iomraidhean Croise  

Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.


Butlar bütinleý ýok ediler.


Ýetmiş ýyldan soň, Reb Sury idär. Sur söwdasyna dolanyp, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar bilen zyna eder.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Nirede ýaşasaňyz hem galalaryňyz weýran bolar, seždegähleriňiz haraba döner. Şonuň üçin gurbanlyk sypalaryňyz döwlüp ýykylsyn, butlaryňyz parçalanyp, ýer bilen ýegsan bolsun, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz ýok edilsin we el işleriňizden hiç zat galmasyn.


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


«Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.


Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.


Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?


Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.


Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.


Soňra men ýasan günäli butuňyz bolan göläni alyp, ony otda eretdim. Ony ýenjip, kül ýaly owratdym-da, dagdan akýan çeşmä sepip goýberdim.


Çünki ähli milletler onuň azgyn hyjuwlarynyň şerabyny içdiler. Dünýäniň şalary onuň bilen zyna etdiler, täjirleri onuň göçgünli aýşy-eşretinden baýadylar».


Onuň bilen zyna eden, aýşy-eşretine şärik bolan dünýäniň patyşalary onuň ýangynynyň tüssesini görenlerinde, ýas tutup, aglarlar.


Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan