Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mika 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Буларың бары Якубың несиллериниң языгы, Ысрайыл халкының гүнәлери үчиндир. Якубың несиллериниң языгына ким себәпкәр? Самария дәлми? Яхуданың бутлара сеждегәхи ниреде? Иерусалимде дәлми?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mika 1:5
30 Iomraidhean Croise  

Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy.


Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy.


Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.


Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berenleriň gabyrlaryna sepelediler.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Samariýa pygamberleriniň arasynda Men bu nejis işi gördüm: Bagalyň adyndan pygamberlik edip, olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar.


Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.


Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».


Etmişleriňiz bulary sizden uzaklaşdyrdy, günäleriňiz sizi ýagşylykdan mahrum etdi.


Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.


Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.


Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samariýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.


«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.


Dat günüňize, eý, Sionda asuda ýaşaýanlar, Samariýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


Samariýanyň günäsinden ant içip: «Eý, Dan! Seniň hudaýyňdan ant içýän, Beýerşebanyň tutýan ýolundan ant içýän!» diýýänler ýykylarlar we hiç haçan ýerlerinden galmazlar.


Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Sion gyzynyň günäsiniň gözbaşysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan