Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.
Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!
Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb elini ýere degirýär we ýer sarsýar, ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar. Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar, Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.
Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.
Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».