Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Шол вагт бир булут гелип, оларың үстүни өртди. Булутдан: «Бу Мениң сөвер Оглумдыр! Оңа гулак асың» диен бир оваз гелди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:7
41 Iomraidhean Croise  

Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Reb Öz ýeňşini aýan eýledi, milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.


Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy.


Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy.


Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.


Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi.


Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.


Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.


Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna iman edýärmiň?» diýdi.


Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi.


Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr.


Olar ýolda barýarka, bir suwly ýeriň üstünden geldiler. Agta: «Ine, bu ýerde suw bar. Meniň çümdürilmegime näme päsgel berýär?» diýdi.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


Şan-şöhratly Hudaýdan Oňa: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn» diýen ses gelende, Ogul Atamyz Hudaýdan hormat we şöhrat kabul etdi.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan