Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Онуң эгинбашы гөзүңи гамашдырып барян ап-ак реңке өврүлди велин, ер йүзүнде хич ким оны бейле агардып билҗек дәлди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:3
13 Iomraidhean Croise  

Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de, dogamy eşit. Öz söýgiňe görä, halas ediş güýjüňiň sadyklygynda maňa jogap ber.


Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.


Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.


Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.


Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.


Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Patyşalaryň, müňbaşylaryň, güýçli söweşijileriň läşini, atlaryň we atlylaryň läşini, erkinleriň we gullaryň läşini, kiçileriň we ulularyň läşini iýmäge toplanyň!»


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan