Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:25 - Mukaddes Kitap

25 Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Иса мәхелләниң ылгашып гелйәнини гөренде, арвах-җына кәйәп: «Эй, керлик хем лаллык рухы! Саңа буюрярын, огланың ичинден чык, оңа гайдып гирме!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:25
17 Iomraidhean Croise  

Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?»


Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady.


Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.


Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler.


Şobada oglanyň kakasy aglap: «Iman edýärin, imansyzlygymy ýeňmäge kömek et!» diýip gygyrdy.


Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.


Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy.


Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy.


Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.


Çünki Isa arwah-jyna ol adamdan çykmagy buýrupdy. Arwah-jyn ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, gandallap saklardylar, emma ol zynjyrlaryny gyryp taşlardy, arwah-jyn ony çöllere äkiderdi.


Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.


Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy.


Emma hatda baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekeleşende, iblise garşy sögmäge milt etmedi. Gaýtam, diňe: «Seni Rebbiň Özi ýazgarsyn!» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan