Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Алты гүнден соң Иса янына диңе Петрусы, Якубы ве Ёханнаны алып, бир бейик дагың үстүне чыкды. Шол ерде оларың гөзүниң алнында Онуң кешби үйтгеди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:2
23 Iomraidhean Croise  

Ondan soň ol odunlary bir ýere üýşürip, öküzi soýup bölekledi-de, olary odunlaryň üstünde goýdy. Soňra ol: «Dört çelegi suwdan dolduryň-da, olary ýakma gurbanlygynyň üstüne we odunlaryň üstüne döküň» diýdi.


Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy.


Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.


Gözüňiz patyşany gözelliginde görer, uzaklara uzaýan ýurdy görer.


Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.


Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi.


Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady.


Şondan soň Isa oba tarap barýan iki şägirdine başga keşpde göründi.


Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.


Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


Häzir siziň ýanyňyza üçünji gezek barýandyryn. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «Ähli zat iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn» diýip ýazylandyr.


Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan