Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:18 - Mukaddes Kitap

18 Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Арвах-җын оны тутанда ере уряр. Оглан агзыны көпүрҗикледип, дишлерини гыҗырдадып гатап галяр. Сениң шәгиртлериңден оглумдан арвах-җыны ковуп чыкармакларыны хайыш этдим, йөне олар башармады» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:18
16 Iomraidhean Croise  

Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, duşmanymyň gözleri içimden geçýär.


Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi.


Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, emma olar sagaldyp bilmediler» diýdi.


Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar.


Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady.


Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Arwah-jyn Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýazylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady.


Arwah-jyn gygyryp, oglany has beter silterledi-de, ondan çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin ol ýerdäkileriň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.


Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan