Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:17 - Mukaddes Kitap

17 Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Мәхелләниң ичинден бири Оңа: «Мугаллым! Сениң яныңа оглумы гетирдим. Арвах-җын ол геплемез ялы, онуң дилини баглады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:17
12 Iomraidhean Croise  

Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady.


Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.


Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler.


Başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler muny görüp, olara käýediler.


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Ol aýalyň asly Siriýanyň Finikiýa ülkesinden bolup, ol ýahudy däldi. Ol gyzyndan arwah-jyny kowup çykarmagyny sorap, Isa ýalbardy.


Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.


Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi.


Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.


Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy.


Mähelläniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Ýalbarýan, meniň ogluma nazaryňy sal, ol meniň ýalňyz çagam.


Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan