16 Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.
16 Иса адамлардан: «Булар билен нәме хакда җеделлешйәрсиңиз?» дийип сорады.
Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler.
Tutuş mähelle Isany gören badyna, geň galdy we hemmeler dessine ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler.
Mähelläniň içinden biri Oňa: «Mugallym! Seniň ýanyňa oglumy getirdim. Arwah-jyn ol geplemez ýaly, onuň dilini baglady.