Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:12 - Mukaddes Kitap

12 Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Иса хем олара: «Догрудан-да, өңүрти Ыляс гелип, әхли зады дүзетмели. Эмма Ынсан Оглуның көп гөрги гөрүп, рет эдилмелидиги хакында хем язылан ахырын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:12
30 Iomraidhean Croise  

Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.


Reb maňa: «Olaryň Maňa kesen bir şaýa degmeýän bahasyny al-da, küýzegäre taşlap ber» diýdi. Onsoň men otuz kümüş teňňäni aldym-da, Rebbiň ybadathanasyndaky küýzegäre taşladym.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enelerine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp ýok etmerin».


Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar.


Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi we ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa islän zatlaryny etdiler» diýdi.


Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi.


Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «Sen Mesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!» diýdi.


Resullar bir ýere üýşenlerinde, Isadan: «Ýa Reb! Eýsem Ysraýyl şalygyny dikeltmäge wagt bolmadymy näme?» diýip soradylar.


Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: „Siz ussalaryň ret eden bu daşy binanyň burç daşy boldy“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan