Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Иса олара шейле дийди: «Сизе догрусыны айдярын: бу ерде дуранларың кәбири Худайың Шалыгының гудрат билен гелйәнини гөрмезден өлмезлер».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 9:1
13 Iomraidhean Croise  

Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar.


Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.


Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.


Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.


Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».


Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan