Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Онсоң Иса мәхеллә ерде отурмагы буюрды. Еди чөреги алып, шүкүр эденинден соң, бөлүшдирди-де, пайламак үчин шәгиртлерине берди. Олар хем булары мәхеллә пайладылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 8:6
18 Iomraidhean Croise  

Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.


Isa ýene: «Ýedi çöregi dört müň adama bölüp paýlanymda, artyp galany näçe sebet bolupdy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýdiler.


Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler.


Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy.


Hojaýyny dolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsi bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap, hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip, olara özi hyzmat eder.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan