Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 8:2 - Mukaddes Kitap

2 «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Бу мәхеллә хайпым гелйәр! Булар үч гүн бәри Мениң янымда, иймәге хем хич затлары ёк.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 8:2
23 Iomraidhean Croise  

Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujunda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy.


Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.


Reb körleriň gözüni açýar, Reb bükülenleri dikeldýär, Reb dogry ynsanlary söýýär.


Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.


Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.


Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi.


Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi.


Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler.


Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.


Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi.


Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi.


Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan