Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 8:17 - Mukaddes Kitap

17 Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Иса оларың нәме дийишйәндиклерини билип, олардан: «Нәме үчин чөрегимиз ёк дийшип чекелешйәрсиңиз? Сизиң энтегем акылыңыз етенокмы, дүшүнмейәрсиңизми? Йүрегиңиз шейле гатымы?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 8:17
17 Iomraidhean Croise  

Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Agza giren her bir zadyň ilki garna baryp, ol ýerden hem daşary çykýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler.


Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.


Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz?


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy.


Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler.


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Seniň ähli zatlary bilýändigiňe biz indi düşündik. Saňa sorag bermegiň geregi ýok. Indi biz Seniň Hudaýdan gelendigiňe ynanýarys» diýdiler.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan