Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Isa olaryň ýanyndan gitdi we ýene gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Иса оларың янындан гитди ве ене гайыга мүнүп, бейлеки кенара гечди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 8:13
15 Iomraidhean Croise  

Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym butlara ýapyşdy. Ony goý!


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.


Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.


Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy.


Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.


Nur heniz ýanyňyzdaka, nura iman ediň, şonda nuruň perzentleri bolarsyňyz» diýdi. Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.


Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Biziň hemmämiz Adramit şäherinden gelen gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenaryna tarap ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikiden gelen makedoniýaly Aristarh hem bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan