Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 8:11 - Mukaddes Kitap

11 Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Фарисейлер гелип, Иса билен җеделлешмәге башладылар. Оны сынаҗак болуп, гөкден бир гудратлы аламат гөркезмегини талап этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 8:11
27 Iomraidhean Croise  

Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.


Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy.


Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».


Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler.


Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler.


Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler?


Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:


Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi.


Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.


Isa adamlardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.


Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady.


Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler.


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň?


Ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden, heý, Oňa iman eden barmy?


Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady.


Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi.


Olaryň käbirleri ýaly Mesihi synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular.


Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan